Türkmen raýatlary Özbegistana söwda saparlarynyň sany boýunça öňde barýarlar

  • 14.06.2024 11:08
  • 9.5k+

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde täjirçilik maksady bilen 38,4 müň daşary ýurtly Özbegistana bardy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 24,4 müň adam köp. Bu barada Statistika gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, Daryo habar berýär.

Özbegistana täjirçilik maksady bilen baran myhmanlaryň aglabasy Türkmenistanyň raýatlarydyr. Statistikada olaryň paýy - 23,376 adam.
Ikinji orunda Täjigistanyň raýatlary (11,186 adam) durýar. Ilkinji üçlügi bolsa, owganlar (1087 adam) jemleýär.

Şeýle hem ilkinji onluga Hytaýyň (547 adam), Türkiýäniň (410 adam), Hindistanyň (366 adam), Gyrgyzystanyň (231 adam), Günorta Koreýanyň (227 adam), Eýranyň (115 adam) we ABŞ-nyň (115 adam) raýatlary girdi. Galan ýurtlar Özbegistana jemi 747 adam iberdi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň strategiki hyzmatdaşlardygyny belläp geçmelidiris. 2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşyk 1 milliard 94 million dollara ýetdi.


şu gün 12:02
1.4k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
2.9k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.8k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......