Dünýägözel Gulmanowa Awstraliýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

  • 14.06.2024 10:26
  • 3k+

12-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Uilýam Giringden ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem myhmana ýurdumyzdaky durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeler barada giňişleýin gürrüň berildi.
Milli parlamentiň düzümi, onuň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan giň gerimli işleri duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara derejede dialogy giňeltmegiň, BMG-niň düzümleýin edaralarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Türkmen-awstraliýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň barşynda taraplar netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýandygy aýdyldy.
Diplomat öz ýurdunyň dürli ugurlar boýunça işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, ikitaraplaýyn dialogyň üstünlikli ilerledilmegi üçin ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hem Awstraliýanyň ýurdumyzdaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) bilen duşuşyk geçirdi.
M.Bäşimowa ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we  ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli taraplaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....