Hatda kosmosdan hem görünýär: Teslada satylmadyk awtoulaglaryň ummasyz gory üýşdi

  • 12.06.2024 15:15
  • 26k+

Tesla kompaniýasy kuwwatlyklarynyň artmagy we satylmadyk awtoulaglaryň ummasyz ätiýajynyň toplanmagy meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, ITHome habar berýär.

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýa 433 371 awtoulag öndürdi, ýöne bary-ýogy 386 810 awtoulag satdy we 46 561 awtoulag ammarlarynda galdy.
Sherwood News-yň bellemegine görä, bu awtoulaglar, hatda kosmosdanam görünýär. Tehas Gigafabriginiň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda we 2024-nji ýylyň martynda emeli hemra arkaly düşüren suratlary deňeşdirilende zawodyň töweregindäki awtoulag duralgalarynyň ulagdan doludygy görünýär.
Şeýle hem, Tesla awtoulaglaryny Sent-Luisdäki Chesterfield Mall söwda merkeziniň we Kaliforniýada Moreno-Wellidäki Sears dükany ýaly, beýleki ýerlerdäki awtoulag duralgalarynda hem saklaýar.
Ätiýaçlygyň artmagy önümçiligiň mukdarynyň sargytlaryň sanyna laýyk gelmeýändigi bilen baglanyşykly. Tesla kompaniýasy elektrik ulagy bazaryndaky satuwlara hem täsirini ýetirip biljek haýallyk bilen ýüzbe-ýüz boldy.


düýn 18:36
3.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.5k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......