Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdy

  • 12.06.2024 12:16
  • 9.7k+

11-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada düýpli pikir alşyldy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň täze mümkinçilikleri kesgitlenildi.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklar netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň anyk mysaly bolup durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri muňa biziň halklarymyzyň taryhy medeniýetiniň hem-de dilimiziň umumylygynyň gönüden-göni ýardam edýändigini belledi.
Biz Türkmenistanda iri halkara kompaniýalar bilen uzak möhletleýin täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny goldaýarys. Şunda deňhukuklylyk hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýarys diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan iri taslamalara, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen tarapynyň nebitgaz pudagynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça türkiýeli hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny beýan etdi.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....