Fransiýada 28 atyň jaýlanan 2000 ýyllyk syrly mazary tapyldy

  • 11.06.2024 07:15
  • 18k+

Fransiýanyň merkezindäki Wildýe-sýur-Endr kommunasynyň golaýyndaky jülgede b.e. V-VI asyrlarynda gadymy oturymly ýerleriň gazuw-agtaryş işleri wagtynda arheologlar syrly mazaryň üstünden bardylar. Dokuz çukurda 28 atyň jesedi (hemmesem erkek) örän tertipli edilip ýerleşdirilipdir diýip, Fransiýanyň Öňüni alyş arheologiki gözleg institutynyň (INRAP) metbugat beýanatyna salgylanýan Guardian  ýazýar.

Galyndylar b.e öňki 100-nji we b.e.100-nji ýyllary aralygynda, ýagny rimlileriň Galliýany basyp alan döwrüne degişlidir. Atlar juda tertipli, sag gapdallygyna, kelleleri günorta tarap edilip, iki gatbar we iki göni hatarda jaýlanypdyr.

“Olar gal atlaryna mahsus bolan ýally, boýy 1,20 metr bolan kiçijik atlar. Olaryň hemmesi erkek we dört ýaşdan uly "-diýip,  INRAP-yň habarynda aýdylýar.

Alymlar bu jaýlanyşyň şol döwür üçin adaty däldigini bellediler. Mallaryň epidemiýa sebäpli ölendigi bilen bagly çaklama ret edildi: atlaryň hemmesi uly aýgyrlardy, içinde baýtal we taýçanak ýokdy. Barlagçylar gurban kesmek baradaky çaklamany göz öňünde tutýarlar, ýöne olaryň pikiriçe, bir wagtyň özünde şonça gymmatly haýwan öldürilen bolsa, diýmek şeýle çäre möhüm ähmiýetli bolmaly. Bu sürä uly ýitgi bolardy.


Atlaryň Galliýa söweşleri wagtynda ölen bolmagy has ähtimal. Radiouglerod derňewi haýwanlaryň hut şu döwürde ölendigini tassyklaýar. Barlagçylar tertipli  mazarlar - söweş atlaryna hormat bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.
Gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Alymlar atlaryň ölüminiň sebäbini bilmek we 2000 ýyllyk jaýlanyşyň syryny açmak üçin goşmaça barlaglar geçirmegi meýilleşdirýärler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....