Aşgabatda Serdar Berdimuhamedow bilen Ýun Sok Ýoluň arasynda gepleşikler geçirildi

  • 10.06.2024 19:57
  • 20k+

Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary amala aşyrýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti  Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

TDH agentliginiň habar berşi ýaly, resmi garşylanyş dabarasy tamamlanandan soňra, taraplar ikiçäk duşuşygy geçirdiler. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzüminde dowam etdi.
Gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar.
Prezident Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana ilkinji saparyna iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar.
Türkmen-koreý ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 21:27
2.7k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....