Astrofotograf Günüň Ýere tarap bakyp duran äpet tegmilini surata aldy

  • 10.06.2024 13:41
  • 10k+

Sakramentoly (Kaliforniýa, ABŞ) astrofotograf Endrýu Makkarti X sosial ulgamynda Günüň işjeň AR 3664 sebitiniň suratyny çap etdi.

10-11-nji maýda bolup geçen rekord derejedäki geomagnit tupanyna hut şu sebit sebäp boldy. Onuň döreden tupany 2003-nji we 1989-njy ýyllardaky hadysalar bilen deňeşdirilýär.
Makkarti: “Ine, Günüň birnäçe hepde bäri birden-birden lowlaýan işjeň sebitiniň jikme-jik görnüşi. Bu birnäçe minut mundan öň howlymyň ýeňse tarapyndan alnan surat. Günüň tegmili indi Ýere bakyp dur, şonuň üçin islendik döreýän koronal  massa zyňylmasynyň Ýeriň magnitosferasyna täsir etmek ähtimallygy uly" - diýip ýazdy.
AR 3664 tegmili işjeňligini dowam etdirýär. Ol güýçli alawlary goýbermegi dowam etdirip, ýene-de Ýere tarap bakýar, ýöne öňki alawlamadan bir aý soň ýene täze güýçli tupan döremek ähtimallygy gaty pes. Emma işjeňligiň şeýle durnukly bolmagy Günüň işjeňliginiň ýa-ha eýýäm iň ýokary derejesine ýetendigini, ýa-da indi ýetjekdigini görkezýär.
Endrýu Makkarti professional suratçy däl. Ol programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýyş kompaniýasynda satuwlar we iş amallary ugrundan işleýär. Şeýle-de bolsa, ol köplenç kosmiki hadysalaryň we asman jisimleriniň täsin suratlaryny almagy başarýar. Ondan öň Saturny, HKS-yň Aýyň öňünden geçişini, Günüň “portretini” we Wenera bilen Aýyň biri-birine ýakynlaşan pursadyny surata alypdy.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....