Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parky hukuk ýagdaýy berildi

  • 08.06.2024 15:43
  • 7.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» Karar gol çekdi. Degişli Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna wise-premýer N.Amannepesow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda hödürledi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň belent maksatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan dünýäniň abraýly ylmy merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy (IASP) bilen hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär. Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek baradaky çözgüt “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda merkeziň binýadynda amaly ylmy işleriň geçirilmegine, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrýan, önümçilik pudaklarynyň ylmy esasda ösdürilmegine we usuly kadalaryň kämilleşdirilmegine içgin gatnaşýan ylmy-önümçilik binýadyny döretmek maksady bilen kabul edildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda,  Serdar Berdimuhamedow zehinli ýaşlarymyzy ylma, bilime, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, Ylymlar güni mynasybetli «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda» Karara gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutany ýurdumyzda ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, innowasion önümleriň önümçiligini guramak maksady bilen, «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» Karara gol çekdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....