Täze diş ösüp çykarmyka? Ýapon alymlary uly açyşyň bosagasynda dur

  • 06.06.2024 15:16
  • 13k+

Ýapon alymlary diş ösdürýän dermanyň kliniki synaglaryna başlamaga taýýarlanýar diýip, New Аtlas portaly habar berýär.

Tazuke Kofukaý lukmançylyk ylmy-barlag institutynyň (Osaka, Ýaponiýa) Kitano hassahanasynda işlenip taýýarlanan bu derman 30-64 ýaş aralygyndaky, hiç hili azy dişi bolmadyk erkek adamlarda synagdan geçiriler.
Syçanlarda we alajagözenlerde geçirilen synaglar şowly boldy: haýwanlarda täze dişler ösüp çykdy. Teklip edilýän derman dişiň ösmegini bökdeýän belogyň işjeňligini togtadyp, täze süňküň döremegine itergi berýär.
Kliniki synaglar üstünlikli bolan ýagdaýynda derman 2030-njy ýyldan başlap täjirçilik maksatly ulanylyp bilner. Bu dogabitdi edentiýadan (dişsizlik) ejir çekýän ýa-da şikes, kesel zerarly dişini ýitiren adamlar üçin iň oňat habar bolar.
Molekulýar biolog we diş lukmany Kasu Takahaşi 2005-nji ýyldan bäri dişleri dikeltmegiň üstünde işleýär we bu bejerginiň diňe dogabitdi dişsizler üçin däl, eýsem islendik ýaşda dişini ýitiren adamlar üçin hem amatly boljakdygyna umyt baglaýar.
Şeýle hem barlagçylar dermany dişleriniň ösüşinde  patologiýasy bolan iki-ýedi ýaş aralygyndaky çagalarda barlamagy meýilleşdirýärler.
Bu barlagyň şowly netije bermegi geljekde diş bejergisine çemeleşmäni  üýtgedip biler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....