Gazagystanda gadymy Kangýuý döwletiniň 2000 ýyllyk şaý-sepleri tapyldy

  • 06.06.2024 14:54
  • 9.9k+

Arheologlar Gazagystanyň günortasyndaky Türküstan oblastyndan b.e.öňki II asyra – b.e. IV asyryna degişli altyn artefaktlaryň hazynasyny tapdylar. Hünärmenleriň pikirine görä, artefaktlar bu sebitde ençeme asyrlap gülläp ösen Kangýuý döwleti döwrüne degişli bolmaly diýip, sebitiň häkimiýetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Artefaktlaryň içinde pöwrize daşy we lagyl bilen örtülen ajaýyp altyn gulakhalkalar, Hytaýyň Han neberesiniň bürünç aýnasy, şeýle-de peýkam, gülýaka we küýzegärçilige degişli beýleki zatlar bar. Bu tapyndylar Kangýuýyň sungatyna, senetçiligine we medeniýetine degişli maglumatlary berýär, şeýle hem olaryň Rim, Wizantiýa, Kuşan we Hytaý imperiýalary bilen arabaglanyşygyny aýdyňlaşdyrýar.
Kangýuýyň “polihrom” altyndan ýasalan özboluşly gulakhalkalary aýratyn gyzyklanma döredýär. Onuň ýarym aý şekili Aýy aňladýar, bezegiň aşagyndaky üzüm salkymlary bolsa Gün nuruny şöhlelendirýär diýip hasaplanýar.
Kangýuý döwletiniň, beýleki halklar bilen bir hatarda sarmatlylaryň, hunnularyň we saklaryň çarwa toparlaryny öz içine alýan dürli halklaryň bileleşigi bolandygy bellendi. Gadymy çeşmeler Kangýuýy çarwa taýpalaryň ýaşan döwleti bolsa-da, şäherleri hem bolan uly döwlet hökmünde suratlandyrýar. Barlagçylaryň birtopary Kangýuýy türki dilli jemgyýetlere degişli edýär. Şeýlelik bilen, taryhçy Anatoliý Malýawkin Kanszýuý döwletiniň türki dilli çarwalar tarapyndan döredilip, olaryň oturymly ekerançylyk bilen meşgullanylýan ýerleriň ilatyny öz gözegçiligi astynda saklandygyna ynanýar. Gündogarşynas arheolog Aleksandr Bernştamyň pikirine görä, kangýuýlylar b.e. başynda türki dilli halk bolupdyrlar.
Kangýuýyň şäherleriniň Hytaý bilen Ortaýer deňziniň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegi olaryň gadymy dünýä bilen diplomatik we söwda gatnaşyklarynyň bolandygyny aňladýardy.
Altyn artefaktlar Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýinde goýlar we bu ýerde halk köpçüligi üçin elýeterli bolar.


şu gün 09:33
926

Gazagystanda harby gulluga çagyryş sanly görnüşe geçýär

Gazagystanda 2026-njy ýylyň 4-nji iýulyndan başlap, işleri sanly görnüşe geçirmegi göz öňünde tutýan harby gulluga çagyryşy guramagyň we geçirmegiň täzelenen düzgünleri güýje girýär....

24.06.2026 09:29
4.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

19.06.2026 11:22
4.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......