Hytaýda süýji keseliniň II görnüşini doly bejermegiň usuly tapyldy

  • 05.06.2024 15:25
  • 13k+

Şanhaýyň lukmanlary dünýäde ilkinji gezek näsagyň öz “gaýtadan düzülen” öýjüklerini transplantasiýa etmek arkaly onuň süýji keseliniň II görnüşini doly bejerdiler. Bu barada Şanhaýyň Ylym we tehnologiýalar boýunça iş toparyna (Science and Technology Commission of Shanghai Municipality) salgylanýan RBK ýazýar.

25 ýyl bäri süýji keselinden ejir çekip gelen 59 ýaşly erkek adam operasiýa edilenden  soň 33 aýdan bäri hiç hili derman kabul etmeýär. Ozal onuň bedeni hiç hili insulin işläp çykarmaýanlygy sebäpli günde sanjym almaly bolýardy.
Şanhaýyň “Çançžen” hassahanasynyň lukmanlar topary tarapyndan işlenip düzülen täze usul millionlarça adam üçin hakyky halasgär bolup biler. Şu wagta çenli beýle amallar diňe donorlaryň beden agzalaryny ulanmak arkaly geçirilýärdi, bu bolsa donorlaryň ýetmezçiligi sebäpli çynlakaý çäklendirmeler bilen baglanyşyklydy.
Usulyň özboluşlylygy autologiki transplantasiýanyň ulanylmagyndan ybarat. Hassanyň aşgazan asty mäziniň işini dikeltmek üçin näsagyň öz sütün öýjükleri ulanylýar.
2021-nji ýylda geçirilen operasiýa ada öýjüklerine zeper ýeten süýji keselinde amal aşyrylan dünýäde ilkinji üstünlikli transplantasiýa boldy.
Hytaýly alymlaryň üstünligi dünýäde millionlarça adama bu meseläniň geljegi bar çözgüdini hödürläp, süýji keseline garşy göreşmekde täze sahypany açýar.
Hytaýda süýji keseli bilen keselleýänleriň sanynyň örän ýokarydygyny  bellemelidiris. Halkara süýji keseli federasiýasynyň maglumatlaryna görä, ýurtda 140 million näsag bar, olaryň 40 milliony ömürlik insulin bejergisine almaga mätäçdir.


09.06.2026 23:14
7.1k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....