Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynda gazananlary barada aýtdy

  • 05.06.2024 11:35
  • 8.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine Gutlag iberdi.

Döwlet Baştutany "halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär" diýip, belleýär.
Serdar Berdimuhamedow daşky gurşawy gorap saklamakda ýurdumyzda gazanylanlar barada durup geçdi. Hususan-da bellenilişi ýaly, bu işleriň netijesinde:

  • Aşgabadyň daş-töwereginde, welaýatlarda döredilýän tokaý zolaklary barha giňelýär;
  • Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyzyň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli şertler bar;
  • Garagum sährasynyň jümmüşindäki «Altyn asyr» Türkmen köli diňe ülkämiziň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrman, eýsem, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga hem oňaýly täsirini ýetirýär;
  • Halkara hyzmatdaşlykda taýýarlanan «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi sebitiň ösümlikleriniň we haýwanlarynyň endemik görnüşleriniň dünýä derejesinde goralmagyna ýardam berýär.

"Ýer ýüzünde durnukly ösüşi we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek halkara hyzmatdaşlyk bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Bitarap Türkmenistan durnukly ösüş babatda öňde duran wezipeleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşýär. Bu mesele boýunça biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş we Daşky gurşaw boýunça maksatnamalary, Azyk we oba hojalyk guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly köp sanly halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlary hem-de teklipleri öňe sürýäris" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.


şu gün 08:13
1.3k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.4k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.3k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
692

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......