MrBeast YouTube-da iň meşhur kanal: oňa 270 milliondan gowrak adam ýazyldy

  • 04.06.2024 14:13
  • 9.2k+

Bolliwudyň T-Series aýdym-saz leýbli birnäçe ýyllap kanala ýazylan adamlaryň sany boýunça öňdebaryjy YouTube kanaly boldy, ol 2019-njy ýylda bu göreşde PewDiePie hökmünde tanalýan Feliks Çelbergden üstün çykdy. Häzir bolsa YouTube-yň lideri ýene-de üýtgedi – birinji orny bloger Jimmi Donaldsona degişli bolan MrBeast kanaly eýeledi diýip, IXBT ýazýar.

Donaldsonyň belleýşi ýaly, 2024-nji ýylyň 2-nji iýunynda MrBeast kanaly T-Series-den öňe geçip, iň köp ýazylanlary bolan YouTube kanaly boldy – oňa ýazylan adamlaryň sany 270 milliondan geçýär.
“Wikipediýa” laýyklykda, MrBeast YouTube-da gymmat bahaly trýuklary surata düşürmäge bagyşlanan wideo žanrynyň öňdebaryjysy hasaplanýar. Onuň iň meşhur wideosy Netflix-iň “Kalmar oýny” teleşounyň real wersiýasy boldy. Kanal uly hemaýatkärlik goldawyny, şol sanda 2023-nji ýyldan bäri Samsung kompaniýasyndan goldaw alýar.


düýn 00:07
4.6k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......