Rus alymlary hasyllylygy ýokarlandyrjak ýörite bakteriýalary tapdylar

  • 04.06.2024 11:37
  • 4k+

Kazan Federal uniwersitetiniň alymlary oba-hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyryp biljek bakteriýalaryň ştammyny tapdylar. Gürrüň toprak aktinobakteriýalaryna degişli Nocardia mangyaensis NH1 hakynda barýar diýip, Mail.ru ýazýar.

Toprakda bioelýeterli demriň ýoklugy ösümlikler üçin çynlakaý mesele bolup durýar. Demir ýetmezçiligi ýokary çyglylyk, käbir dökünleriň zyýanly täsirleri we topragyň pH balansynyň pes bolmagy ýaly dürli faktorlar sebäpli döräp biler. Demriň ýetmezçiligi ýaş ýapraklaryň saralmagyna we guramagyna getirýär, bu bolsa öz gezeginde ösümligiň ösmegine päsgel berýär we hasyllylygy peseldýär.
Emma Nocardia mangyaensis NH1-iň özboluşly bir aýratynlygy bar: bakteriýalar daşky gurşawdan demir ionlarynyň ýygnanmagyna we ösümliklere geçirilmegine mümkinçilik berýän sideroforlary, molekulalary öndürýär. Bu demir ýetmezçiliginiň öňüni almaga kömek edýär we netijede ösümlikleriň ösmegine itergi berýär, öndürijiligi ýokarlandyrýar.
Gözlegler Nocardia mangyaensis NH1 ştammyna esaslanýan dökünleriň diňe bir hasyllylygy ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, ösümlikleri kesellerden we stres faktorlaryndan hem gorap biljekdigini görkezdi.


şu gün 09:54
48

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......