Kosmosa syçanlar, garynjalar, siňekler we ösümlikler bilen ýüklenen hemra iberildi

  • 21.08.2025 19:41
  • 7.7k+

20-nji awgustda Aşgabat wagty bilen 22:13-de Baýkonur kosmodromyndan “Bion-M2” biologik kosmos enjamy bilen “Soýuz-2.1b” raketasy uçuryldy. Onuň bortunda 75 syçan, 1,5 müň töweregi siňek, garynja, kömelek, moh, ösümlik we öýjükli kulturalar bar.

“Roskosmos” uçuşdan 12 minutdan soň gäminiň bellenilen orbita asuda çykarylandygyny we üçünji basgançagyň raketadan aýrylandygyny habar berdi.
“Bion” Russiýanyň kosmosda biologik gözlegler üçin niýetlenen enjamlar seriýasydyr. Alymlar radiasiýanyň we agramsyzlygyň janly organizmlere nähili täsir edýändigini öwrenýär. Bu seriýanyň ilkinji enjamy (“Kosmos-605) 1973-nji ýylda uçuryldy. Şonda kosmosa pyşdyllar, alakalar, mör-möjekler we kömelekler iberildi.
2013-nji ýylda orbita täze nesliň ilkinji hemrasy – “Bion-M1” çykaryldy. Onuň ýolagçylary syçanlar, mongol syçanlary, gekkonlar, ulitkalar, ösümlikler we dürli mikroorganizmler boldy.
“Bion-M2” täze wezipäni ýerine ýetirýär: alymlar dürli görnüşleriň kosmos radiasiýasy häzirki Halkara kosmos stansiýasynyň orbitasyndan ýokary bolan giňişlikde uçuşy nähili geçirýändigine düşünmek isleýär. Bu maglumatlar ekipažly uçuşlarda, şol sanda uzak kosmosa uçuşlarda adamlary goramagyň usullaryny işläp taýýarlamak üçin möhümdir.
Enjam orbitada 30 gün bolar we 19-njy sentýabrda Ýere gaýdyp gelmeli. Ol Russiýanyň Orenburg welaýatynyň sähralarynda gonar.


düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......