Şu gün Gün ulgamynyň planetalarynyň ýörişi geçýär

  • 03.06.2024 16:00
  • 15k+

Şu gün, 3-nji iýunda Gün ulgamynyň Ýerden başga ähli planetalary Günüň bir tarapynda hatar bolup düzülýärler. Bu barada Moskwa planetariýasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Gynansak-da, Gün sebäpli bu astronomiki hadysa Ýerden syn etmek mümkin bolmaz – Günüň ýagty şöhleleri asman jisimlerine seretmäge päsgel berer. Diňe Saturny gysga wagtlyk Gün dogmazdan ozal aýdyň asmanda gözýetimden pesde görmek bolar.
Ýörişiň dowamynda ähli planetalar Günüň golaýynda bir hatara şeýle tertipde düzülerler: Gün, Wenera, Ýupiter, Merkuriý, Uran, Mars, Neptun we Saturn.
Şeýle-de, duşenbe güni planetalara “azalýan” Aýyň inçejik orak bölegi goşular, ol Marsa ýakyn bolar, sişenbe güni Merkuriý bilen Ýupiteriň arasynda bolsa bary-ýogy alty burç minuty bolar.
Belläp geçsek, planetalaryň ýörişi ortaça 20 ýyldan bir gezek bolup geçýän seýrek hadysadyr. Indiki hadysany 2040-njy ýyldan ir görmek bolmaz.


24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

23.05.2026 23:48
3.8k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....