Hytaýyň “Çane-6” kosmos apparaty Aýyň arka ýüzüne üstünlikli gondy

  • 02.06.2024 21:02
  • 6.6k+

Hytaýyň “Çane-6” kosmos apparaty Aýyň arka ýüzüne gondy diýip, Hytaýyň Milli kosmos müdirligi (CNSA) habar berýär.

Enjam maý aýynyň başynda Hytaýyň günortasynda ýerleşen Haýnan adasyndaky Wençan kosmodromyndan uçuryldy. 2-nji iýunda irden kosmos apparaty Aýyň arka ýüzünde ýerleşýän, meýilleşdirilen Günorta polýusa - Eýtkene üstünlikli gondy.
“Sinhua” habarlar gullugynyň belleýşi ýaly, enjamyň esasy wezipesi - gonandan soň iki günüň içinde topragyň nusgalaryny ýygnamak. Munuň üçin ol buraw we robot eller bilen enjamlaşdyrylandyr.
Bu missiýa şowly tamamlanan ýagdaýynda Hytaý Aýyň Ýerden seredeňde görünmeýän, arka ýüzünden toprak nusgalaryny ýygnan we Ýere iberen ilkinji ýurt bolar.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....