SpaceX äpet Starship raketasyny 4-nji gezek uçurmaga taýynlanýar

  • 01.06.2024 16:40
  • 6.6k+

SpaceX äpet Starship raketasynyň dördünji gezek uçuryljak senesini yglan etdi. Ol 5-nji iýuna meýilleşdirilýär diýip, IXBT ýazýar.

Bu Ilon Maskyň kompaniýasy tarapyndan döredilen Starship kosmiki gämisiniň prototipini Ýeriň orbitasyna çykarmak üçin ediljek nobatdaky synanyşyk bolar. Starship-i uçurmak boýunça öňki edilen üç synanyşyk dürli tapgyrlarda şowsuzlyga uçrapdy.
Şeýle-de bolsa, SpaceX öňde duran uçuşyň üstünlikli boljakdygyna ynanýar, sebäbi ähli zerur synaglar eýýäm geçirildi. Uçuşy amala aşyrmak üçin diňe ABŞ-nyň Raýat awiasiýasynyň federal iş toparynyň tassyklamagyna garaşaýmak galdy.
Starship-e we onuň Super Heavy tizlendirijisine eýýäm 10 million funtdan gowrak ýangyç guýuldy.
Bu goýberiliş şowly bolan ýagdaýynda SpaceX özüniň kosmos uçurylyşlary bazaryndaky paýyny ep-esli artdyryp biler. Owal Ilon Mask şu ýyl SpaceX -iň ähli peýdaly ýüküň 90%-den gowragyny Ýeriň orbitasyna çykaryp biljekdigini we Starship-iň uçuşlaryny ýola goýmak başardan ýagdaýynda kompaniýanyň paýynyň 99%-e çenli ýokarlanjakdygyny aýdypdy.
Mundan başga-da, Bloomberg-iň habar bermegine görä, kompaniýa Florida ştatynda Starship üçin täze başlangyç toplumyny gurmagy meýilleşdirýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.7k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....