Sony filmlerini döretmek işinde emeli aňdan peýdalanar

  • 01.06.2024 10:17
  • 3.8k+

Sony Pictures Entertainment kompaniýasynyň başlygy Toni Winçiguerra studiýanyň emeli aňyň kömegi bilen täze filmleri döretjekdigini aýtdy. Bu, aýratynam, çykdajylary azaltmak bilen baglanyşyklydyr diýip, film.ru habar berýär.

“Biz doly emeli aňa üns berýäris. Häzirki günde filmleri döretmekde iň esasy mesele – çykdajylar. Biz, ilkinji nobatda, emeli aňdan peýdalanmak bilen, hem kinoteatrlar, hem telewideniýe üçin filmleriň has netijeli önümçilik usullaryny gözläris” – diýip, Winçiguerra Sony-nyň Ýaponiýada geçirilen maýadarlar konferensiýasynda aýtdy.

Şeýle-de, ol kompaniýanyň emeli aň bilen işinde geçen ýylky iş taşlaýyşdan soň kärdeşler arkalaşyklary we studiýalar tarapyndan kabul edilen ylalaşyklara bil baglajakdygyny belledi. 


düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
18k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....