Braziliýa gibrid awtoulaglarda gant şugundyryndan alnan ýangyjy ulanmagy teklip edýär

  • 31.05.2024 14:01
  • 10k+

Dünýäniň awtoulag senagaty litiý, nikel we kobalt batareýalaryna ünsi jemleýän bolsa, Braziliýanyň öndürijileri gant şugundyryndan alnan bio-ýangyç bilen işleýän gibrid awtoulaglarda geljegi görýärler.

Etanol öndürýän bu ýurt ony eýýäm benzin awtoulaglarynda ulanýar.
Indi Stellantis, Volkswagen we BYD ýaly awtoulag öndürijileri elektrik hereketlendirijilerini bioetanolda işleýän içinden otlanýan hereketlendirijiler bilen utgaşdyrýan gibrid modellere maýa goýýarlar.
Bu çemeleşme zyňyndylary azaltmagy we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagy, elektrik ulaglaryny Braziliýanyň bazary üçin has amatly etmegi wada berýär.
Dünýäde ýedinji uly awtoulag bazary bolan Braziliýa henizem elektrik ulaglarynyň sany boýunça baý ýurtlardan yza galýar. Elektrik ulaglarynyň we gibridleriň satuwy 2023-nji ýylda iki esse artyp, 94 000 birlige ýeten hem bolsa, ýeňil ýolagçy we ýeňil söwda ulaglarynyň iberilişiniň bary-ýogy 4,3 göterimini emele getirýär.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......