Pakistanyň ICUBE-Q hemrasy Aýyň ilkinji suratlaryny görkezdi

  • 31.05.2024 11:04
  • 6.7k+

Hytaýyň “Çane-6” missiýasynyň çäginde uçurylan Pakistanyň ICUBE-Q hemrasy Aýyň we Günüň ilkinji suratlaryny aldy.

Emeli hemranyň agramy bary-ýogy 7 kg, ony Pakistanyň kosmos tehnologiýalary institutynyň we Şanhaý uniwersitetiniň alymlary bilelikde döretdiler.
ICUBE-Q, “Çane-6” üstünlikli uçurylandan soň, 8-nji maýda Aý orbitasynda ýerleşdirildi. Ýerleşenden soň gysga wagtyň içinde Aýyň we Günüň suratlaryny aldy we magnit meýdany barada maglumatlary ýygnady.
Gynansagam, hemra öz wezipelerinden birini -  “Çane-6”-ny surata düşürmek wezipesini ýerine ýetirip bilmedi.
Şeýle-de bolsa, ICUBE-Q tarapyndan alnan maglumatlar Pakistanyň kosmos programmasy üçin möhüm ädimdir. Bu Pakistanyň ilkinji Aý missiýasy we ýurduň kosmos pudagynda Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynyň başlangyjydyr.
Pakistan eýýäm Hytaýyň Halkara ylmy Aý stansiýasyny döretmek taslamasyna goşuldy we geljekdäki “Çane-8” missiýasy bilen ýük ugratmak barada ýüz tutdy.
Hytaýyň Milli kosmos müdirliginiň wekilleri ICUBE-Q tarapyndan ýygnalan we düşürilen ylmy maglumatlary hem-de ilkinji suratlary Pakistan tarapyna geçirdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....