Awstraliýanyň ýarym asyryň içinde ilkinji orbital missiýasy şowsuzlyga uçrady

  • 31.07.2025 20:31
  • 4.1k+

Gilmour Space Technologies kompaniýasy Awstraliýanyň çäginden ýarym asyryň içinde ilkinji orbital uçuşy amala aşyrdy, ýöne missiýa şowsuz tamamlandy.

Eris raketasy 29-njy iýulda ýerli wagt bilen 8:35-de Kwinslenddäki Bouen kosmodromyndan uçdy. Uçuşdan 14 sekuntdan soň raketa ýolundan gyşaryp, aşak gaçdy. Enjamyň hereketlendirijisi 23 sekunt işledi we bu geljekki missiýalar üçin maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik berdi.
Beýikligi 25 metr bolan Eris raketasy Gün-sinhron orbitasyna 215 kg çenli ýa-da 500 km beýiklikdäki ekwatorial orbita 305 kg çenli ýük çykarmaga niýetlenendir. Ol ilkinji iki basgançakda Sirius gibrid hereketlendirijileri we üçünjisinde Phoenix suwuklyk hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy.
Şowsuzlyga garamazdan, Gilmour Space ruhdan düşmeýär we indiki synanyşyk TestFlight 2-ä taýýarlanýar. Alnan maglumatlar taslamany kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Uçuş ençeme gezek yza süýşürildi. Ilkibaşda ol 2025-nji ýylyň mart aýyna meýilleşdirildi, ýöne “Alfred” tropiki siklon sebäpli soňa goýuldy. Maý aýynda uçuş gorag ulgamyndaky bökdençlik sebäpli ýatyryldy. Howa şertleri, hususan-da, güýçli ýel uçuşy iýundan iýula geçirdi.


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......