NASA Trampyň prezidentlik möhletiniň gutarmanka Aýa adam gondurmagy meýilleşdirýär

  • 02.08.2025 15:13
  • 4.4k+

NASA ýakyn ýyllarda astronawtlary Aýa ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada edaranyň direktorynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji Şon Daffi Fox News bilen söhbetdeşlikde habar berdi.

Missiýanyň birinji tapgyry geljek ýyla meýilleşdirilýär – ekipaž gonmazdan Aýyň töweregine uçuşy amala aşyrar. Şondan soň agentlik Ýeriň hemrasyna gonuşy göz öňünde tutýar. Daffiniň aýtmagyna görä, gonuş Donald Trampyň prezidentlik möhleti tamamlanýança, ýagny 2029-njy ýylyň ýanwaryna çenli amala aşyrylar.
Gonuşdan soň NASA Aýda hemişelik bazany döretmegi göz öňünde tutýar. Agentlik alnan tejribe Marsa ekspedisiýa taýýarlanmaga kömek eder diýip hasaplaýar.
Ýakynda alymlar 2024 YR4 asteroidiniň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny 4,3%-e çenli ýokarlandyrdy. NASA-nyň hasaplamasy boýunça, eger bu bolup geçse, 100 müň tonna daş we tozan kosmosa düşer, bu hem Ýere golaý orbitadaky enjamlar üçin howp döredip biler.


şu gün 08:39
186

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

düýn 10:51
868

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....