Awstraliýaly alymlar “kofe betonyndan” ýanýoda döretdiler

  • 29.05.2024 13:04
  • 15k+

Awstraliýanyň Melburn şäherindäki RMIT uniwersitetiniň gözlegçileri dünýäde ilkinji bolup kofe löderesi goşulyp öndürilen betony synagdan geçirdiler. Synagyň çäklerinde üstünden hereket edilende materialyň çydamlylygyna we berkligine baha bermek üçin pyýada ýanýodalary guruldy diýip, New Atlas ýazýar.

2022-nji ýylda alymlar betonyň düzümindäki 15% çägäni kofe löderesine çalyşmagyň onuň berkligini 30% ýokarlandyrýandygyny anykladylar. Bu usul diňe bir çägä garaşlylygy azaltmak bilen çäklenmän, organiki galyndylaryň gaýtadan işlenmegine mümkinçilik berýär we daşky gurşawa ýaramaz täsiri azaldýar.
Beton guýlanda kofe löderesini ulanmak üçin, ony ilki 350 ° C-da kislorodsyz işläp bejerýärler we biokömre öwürýärler. Bu betonda onuň gurluşyny gowşadyp biljek organiki materiallaryň dargamagynyň öňüni alýar.

Alymlar Makedon-Reýnjs graflygynyň geňeşi bilen hyzmatdaşlykda deňeşdirip seljermek üçin adaty betonyň gapdalynda iki görnüşli betony - kofe biokömri we agaç taraşasy goşulan betonlary düşediler. Gözlegçiler synagyň netijelerine baglylykda innowasiýa materialynyň ulanylyşyny giňeltmegi meýilleşdirýärler.
RMIT inženerçilik mekdebiniň gözlegçisi Rajiw Roýçand: "Bu önümi täjirleşdirmegiň üstünde işleýäris we diňe kofe bilen çäklenmän, dürli organiki galyndylary ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýäris" -diýdi.

Ol: "Her bir biokömrüň dürli usullar bilen betonyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýän özboluşly aýratynlyklary bar " -diýdi.

Roçandyň sözlerine görä, täze beton sementiň mukdaryny azaltmaga hem mümkinçilik berýär. Ol: "Berkligini 30% ýokarlandyrmak bilen, biz betonyň düzümindäki sementi 10% azaldyp bileris" diýip belledi.
“Kofe betonynyň” synagynyň netijeleri çydamly we ekologiýa taýdan arassa desgalary gurmak üçin onuň geljekki mümkinçiliklerine baha bermäge mümkinçilik berer.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....