Apple iOS üçin täze emojiler peýda bolar: gözüniň aşagy “haltaly” ýüz, pil, ýapraksyz agaç...

  • 26.05.2024 23:01
  • 4.1k+

Apple kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2025-nji ýylyň başynda iOS operasion sistemasyndaky iPhone, iPad, Mac we beýleki gurluşlarynda emoji assortimentiniň üstüni ýetirer. Bu barada Unicode konsorsiumynyň maglumatlaryna salgylanyp, “The Verge” neşiri we MacRumors portaly habar berýär.

Resminamalara görä, beta-synaga ýedi sany täze şekil gatnaşýar: gözüniň aşagy “haltaly” ýadan ýüz, gök barmak yzy, ýapraksyz agaç, şugundyra meňzeş köki miweli, arfa, pil we benewşe syýa tegmili. Synag 2-nji iýula çenli dowam eder, şondan soň emojileriň täzelenen sanawy tassyklanar we kem-kemden ulanylyşa giriziler.
Portal Apple gajetlerini ulanyjylaryň täze emojileri 2025-nji ýylyň mart aýynda iOS 18.4-üň çykmagy bilen görüp biljekdigini belleýär.
Smaýllaryň soňky täzelenmesi şu ýylyň ýanwar aýynda bolup geçdi. Apple “ýok” we “hawa” aňladýan kelläni kese we dik ýaýkaýan şekili, Feniks guşuny, üzülen zynjyry we laýmy goşdy.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...