GDA-nyň Hökümet Baştutanlary Aşgabatda birnäçe möhüm çözgütleri kabul etdiler

  • 25.05.2024 12:24
  • 10405
GDA-nyň Hökümet Baştutanlary Aşgabatda birnäçe möhüm çözgütleri kabul etdiler

24-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe resminama gol çekildi.

Mejlise Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Hökümet Baştutanlary, şeýle-de Ermenistanyň wekili we GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.

  • Energetika pudagynda: 2035-nji ýyla çenli Hyzmatdaşlyk konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça möhüm çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Resminamalar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy, şol sanda howpsuzlyk meseleleri boýunça, söwda we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
  • -  Ulag pudagynda: 2030-njy ýyla çenli infrastrukturany optimizasiýalaşdyrmak we halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy tassyklandy. Meýilnama ulag geçelgeleri babatynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam eder.
  • Saglygy goraýyş pudagynda: telemedisina ulgamlaryny döretmekde hyzmatdaşlyk baradaky şertnama aktuallaşdyryldy. Täzelenen resminama saglygy goraýyş pudagynda maglumat ulgamlaryny ösdürmegiň döwrebap tendensiýalaryny göz öňünde tutýar.
  • Himiýa senagaty pudagynda: hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy kabul edildi. Resminamalar himiýa önümlerine bolan zerurlyklary kanagatlandyrmak, milli howpsuzlygy berkitmek we pudagyň ylmy üpjünçilik ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gönükdirilendir.
  • Ekologiýa pudagynda: howply galyndylary dolandyrmak babatynda hyzmatdaşlyk konsepsiýasy we 2024 – 2029-njy ýyllar üçin möhüm çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Resminamalar howply galyndylary dolandyrmak boýunça milli infrastrukturanyň kämilleşdirilmegine we halkara taslamalary durmuşa geçirmek üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
  • Intellektual eýeçilik pudagynda: hukuk bozulmalaryna garşy göreş çäreleriniň sanawyna gol çekildi. Sanaw awtorlyk hukugy babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, intellektual eýeçilikdäki obýektleriň bikanun ulanylandygy üçin jogapkärçiligi güýçlendirmek boýunça çäreleri kesgitleýär.

Şeýle-de, mejlisde:

  • - Nurlan Seýtimow GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary bellendi.
  • - Aşgabat GDA-nyň “täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi.
  • - GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň indiki mejlisini 2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Russiýa Federasiýasynda geçirmek kararyna gelindi.

düýn 07:19
5191

Raşid Meredow BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň sebit wekili bilen duşuşdy

11-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC) sebit wekili Aşita Mittal bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar bu guramanyň taslamalarynyň...

düýn 07:15
1916

Türkmenistanyň DIM-inde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi

11-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberis bilen duşuşdy...

12.06.2024 12:21
6030

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyndaky ÇYKYŞY

Hormatly Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýol! Gadyrly myhmanlar! Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Şu gün biz Türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşýarys. Mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň...

12.06.2024 12:16
8225

Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdy

11-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy...