Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine 2 sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi

  • 23.05.2024 14:36
  • 15k+

22-nji maýda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Iki sany “Dialog+” kysymly enjamyň paýtagtymyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň toksikologiýa we çagalaryň gemodializi bölümine sowgat berilmegi döwletiň ýaş raýatlaryň saglygy, abadançylygy baradaky tagallalarynyň nobatdaky güwäsi boldy. “B.Braun” kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze görnüşli emeli böwrek enjamy dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has täsirli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam berýär.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine täze enjamlaryň sowgat berilmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylar — haýyr-sahawat gaznasynyň kömegi esasynda operasiýa edilen we saglygyny dikelden çagalar, olaryň kalby hoşallykdan doly ene-atalary, köp sanly saglygy goraýyş işgärleri türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine öz geljegine ynamly garaýan türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrundaky yzygiderli aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.


düýn 07:25
4.4k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.5k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......

31.05.2026 00:28
5.3k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

30.05.2026 19:41
6.5k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......