Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Premýer-ministrini Aşgabada çagyrdy

  • 23.05.2024 01:42
  • 5.4k+

20-nji maýda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D. Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri I. Kobahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösüşini, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäginde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler ýokary derejedäki özara saparlary guramaga gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşygyň barşynda söwda–ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi uly bolan mümkinçilikleri, senagat, ulag, ýangyç, energetika pudagaklary we medeni–ynsanperwer ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň ösüşini ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda–ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň orny aýratyn nygtaldy.


Ilçi Premýer-ministri Magtymguly Pyrgynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaraly çäreler bilen tanyşdyrdy we Premýer-ministri 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda döwlet we hökümet baştutanlary derejesinde bu waka bagyşlanyp geçiriljek sammite çagyrdy. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we daşary ýurt şahyrlarynyň we akyldarlarynyň heýkelleriniň açylandygyny aýtdy. Olaryň arasynda beýik gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeli hem bar. 
I.Kobahidze türkmen tarapynyň çakylygy üçin, şeýle hem bu başlangyjy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi we bu heýkeliň açylmagy iki ýurduň we halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkidilmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......