Müsür 2024-nji ýylyň dört aýynda syýahatçylykdan rekord girdeji gazandy

  • 21.05.2024 15:25
  • 9.2k+

Müsür 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan aprel aýy aralygynda syýahatçylyk pudagyndan häzire çenli rekord girdejini hasaba aldy. Bu barada duşenbe güni Şarm-el-Şeýhde geçirilen Afrikanyň syýahatçylyk forumynda (Africa Tourism Forum) Müsüriň syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministri Ahmed Issa habar berdi diýip, Interfax ýazýar.

“4 aýyň dowamynda Müsürde syýahatçylykdan gelen girdeji taryhda rekord 4,3 mlrd dollara barabar boldy” – diýip, ol belledi.

Issa 2023-nji ýylyň degişli döwründe girdejiniň 4,1 mlrd dollar bolandygyny, syýahatçylaryň sany boýunça ýurt üçin rekord bolan 2010-njy ýylda, ýanwar – aprel aýlarynda onuň 3,7 mlrd dollar bolandygyny aýtdy. 2011-nji ýylyň başynda ýurtda rewolýusion tolgunyşyklary bolup geçdi, netijede daşary ýurt syýahatçylyk akymy 40% azaldy.
Müsür 2030-njy ýyla çenli 30 mln syýahatçy görkezijisine ýetmek üçin her ýyl syýahatçylyk akymyny 25% artdyrmagy meýilleşdirýär.
Africa Tourism Forum 20 – 21-nji maýda Şarm-el-Şeýhde geçirilýär. Oňa yklymyň ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşýar.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......