Sibirde ýüwrük dinozawryň täze görnüşi tapyldy

  • 20.05.2024 22:27
  • 18k+

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Zoologiýa institutynyň, Sankt-Peterburgyň döwlet uniwersitetiniň (SPbGU) we Kuzbassyň Döwlet ülkäni öwreniş muzeýiniň paleontologlary Kuzbassyň Şestakowo obasynyň (Sibir federal okrugynyň düzümine girýär, Russiýa) çäginden tapylan ýyrtyjy dinozawryň täze görnüşini suratlandyrdylar.

Täze dinozawr Kiyacursor longipes diýen ady aldy, bu latynçadan terjime edilende “Kiya derýasynyň ýüwrügi” diýmegi aňladýar. Ol seratozawrlar maşgalasyna degişlidir, ýöne bu toparyň Aziýanyň hek döwrüniň ýataklaryndan (66-145 million ýyl ozal) tapylan ilkinji wekili hasaplanýar. Ozal seratozawrlar şu sebitde bu wakadan 40 million ýyl ozal ýitip giden hasaplanýardy.
Sankt-Peterburgyň döwlet uniwersitetiniň web sahypasynda habar berlişine görä, kiýakursor longipes uzyn art aýakly çakgan ýyrtyjy bolupdyr. Bedeniniň uzynlygy 1 metre, käbirleriniňki bolsa 11 metre çenli uzalýan bolmagy mümkin.
Dinozawryň boýun oňurgasyndan, ýaýjyk süňkünden, öň aýagynyň bil böleginden we art aýak süňklerinden ybarat galyndylary KT barlaglary arkaly gaýada duran ýerinde gözden geçirildi. Bu alymlara ol ýaş haýwana degişlidir diýen netijä gelmäge mümkinçilik berdi.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....