Körpeje Opal dünýäni eşidip başlady: Angliýada ilkinji gezek 18 aýlyk gyzjagazyň kerligini bejerdiler

  • 20.05.2024 15:27
  • 14k+

Beýik britaniýaly 18 aýlyk Opal Sendi dünýäde gen terapiýasy arkaly eşidişi dikeldilen ilkinji çaga boldy. Kembrij uniwersitetiniň web sahypasynda bu gyz OTOF genindäki kemçilik sebäpli genetiki taýdan ker doguldy, ýöne indi 16 minutlyk operasiýadan soň ol gaty gowy eşidip başlady diýip habar berilýär.

Addenbruk keselhanasynda geçirilen bu operasiýa Chord atly täzeçil gözlegiň bir bölegidir. Amal wagtynda Opala OTOF geniniň iş nusgasy goýberildi, bu ses signallaryny gulakdan beýnä geçirmek üçin zerur belok öndürilmegini dikeltdi.
Regeneron taslamasynyň hirurgy we esasy gözlegçisi professor Manohar Banse bejerginiň netijeleriniň garaşylandan has ýokary bolandygyny aýtdy. Alymyň sözlerine görä, Opal indi adaty gepleşiklere üns berýär we deprek çalmagy gowy görýär.
Opalyň üstünligi beýleki genetiki taýdan ker çagalary hem bejerip boljakdygyna umyt döredýär. Ýakyn wagtda Chord gözlegine Angliýadan, Ispaniýadan we ABŞ-dan hem çagalar goşular. Oňa jemi 18 çaga gatnaşar.
Opal kerligi bejermek üçin gen bejergisini alan ýeke-täk çaga däl. Ýakynda ikinji çaga hem şuňa meňzeş operasiýa edildi we onuňam netijesi oňyn boldy.
Chord gözlegi üç bölekden ybarat. Birinji tapgyrda Opal bilen birlikde ýene iki çaganyň bir gulagyna geniň pes dozasy goýberilýär. Soňra başga üç çaganyň bir gulagyna ýokary doza goýberilýär. Bejerginiň howpsuzdygy tassyk bolsa, galan çagalar iki gulagyna hem gen bejergisini alarlar.
Opal - dünýäde şeýle bejergini alan ilkinji we iň ýaş hassadyr.


düýn 23:28
1.7k+

Fransiýada saglyk ätiýaçlandyryşy semizlige garşy dermanlaryň çykdajylaryny töläp başlar

Fransiýada milli ätiýaçlandyryş maksatnamasynyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryndan başlap, semizligi bejermek üçin niýetlenen derman serişdelerini satyn almagyň çykdajylary döwlet tarapyndan......

28.05.2026 19:35
6.5k+

ABŞ Ebola ýokuşan raýatlaryny bejergi üçin Keniýa ibermek isleýär

ABŞ-nyň administrasiýasy Ebola keseline ýolugan amerikan raýatlaryny bejergi we karantin üçin Keniýa ibermek barada meýilnama taýýarlady. Bu barada The New York Times gazeti ygtybarly çeşmelere salgylanyp......

27.05.2026 10:15
6.2k+

«Mehanika» sürmek demensiýa garşy göreşde peýdaly bolup çykdy

Mehaniki geçiriş gutuly awtoulaglary sürmeklik ýaşuly sürüjilerde ýaş bilen bagly kognitiw bozulmalaryň töwekgelçiligini azaldyp biler. Tohoku uniwersitetiniň professory Rýuta Kawasimanyň ýolbaşçylygyndaky......

26.05.2026 07:09
3k+

Alymlar depressiýany anyklamak üçin oýun işläp düzdüler

Nýu-Ýork uniwersitetiniň Langon Hells lukmançylyk merkeziniň alymlary depressiýany sanlyja minutda anyklamaga mümkinçilik berýän kompýuter oýnuny işläp düzdüler. Medical Press neşiriniň ýazmagyna görä, oýnuň......