Alymlar: ýaňy-ýakynda bolan magnit tupanlary Ýerde bir topar harasatlaryň döremegine getirip biler

  • 20.05.2024 14:12
  • 15k+

Florida döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) gözlegçileri ýaňy-ýakynda Ýere aralaşan uran geomagnit tupanlarynyň bir topar harasadyň döremegine getirip biljekdigini anykladylar. Bu barada Daily Mail neşiri habar berýär.

Gözlegçiler soňky 5500 ýyldaky tropiki siklonlaryň işjeňligini seljerenlerinden soň, olaryň ýygylygynyň 40% ýokarlanan 11 döwrüni ýüze çykardylar.
Alymlar Meksika aýlagynyň demirgazyk-gündogaryndaky tupanlar hakynda agaçlaryň halkasynyň derňewinden alnan maglumatlary gözden geçirip, tropiki siklonlaryň işjeňliginiň ýokarlanmagy we Günüň ýokary işjeňlikdäki döwürleriniň arasyndaky baglanyşygy tapdylar.
Günüň işjeňliginiň ýokarlanmagy ummanlaryň aşa gyzmagyna getirýär, bu bolsa öz gezeginde tropiki tupanlaryň döremegi üçin amatly şertleri döredýär.
Eger alymlaryň çaklamalary tassyk bolsa, onda 2003-nji ýyldan bäri Gündäki güýçli alawlar sebäpli dörän iň güýçli G5 klasly magnit tupany birnäçe gaý-harasatlaryň döremegine sebäp bolup biler.


şu gün 09:54
420

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......