Astronomlar ilkinji gezek goşa supernowa partlamasynyň «barmak yzyny» surata aldylar

  • 07.07.2025 10:53
  • 4k+

Çilidäki Ýewropanyň günorta obserwatoriýasynyň (ESO) Örän uly teleskobyndan (VLT) peýdalanan astronomlar «Ia» görnüşli ýaş supernowa galyndysy bolan SNR 0509-67.5-iň suratyny aldylar. Onuň ýaşynyň 300-350 ýyl aralygyndadygy çaklanýar.

Täze maglumatlar ýyldyzyň goşa detonasiýany (partlamany) başdan geçirendigini tassyklaýar.

«Ak girdenekler – Gün ýaly ýyldyzlaryň ýangyjyny tükedeninden soň galýan uly bolmadyk, işjeň däl ýadrolar – astronomlaryň „Ia“ görnüşli supernowa diýip atlandyrýan hadysasyny döretmäge ukyplydyr» — diýip, Täze Günorta Uels uniwersitetiniň aspiranty Priýam Das düşündirdi.

Şeýle görnüşli supernowalar astronomiýada örän möhüm rol oýnaýar. Alymlar olary älemdäki aralyklary ölçemek üçin standart şem hökmünde peýdalanýarlar. Olar şeýle-de Ýerdäki, şol sanda adam bedenindäki demiriň esasy çeşmesi bolup durýar. Şeýle-de bolsa, olaryň partlamagyna sebäp bolýan takyk mehanizm köp ýyllardan bäri alymlaryň arasyndaky iň bir jedelli mowuklaryň biri bolup gelýärdi.
Klassyky modelde ak girdenegiň golaýyndaky ýyldyzyň massasyny özüne çekýändigi we belli bir çäkden geçensoň partlaýandygy öňe sürülýär.
Emma soňky ylmy-gözlegler başgaça bir düşündirişi – «goşa detonasiýany» teklip edýär. Bu ýagdaýda, ilki bilen girdenegiň ýüzünde ýygnanan geliý gatlagy ot alýar (partlaýar), bu bolsa onuň ýadrosynda ikinji partlamany döredýär.

MUSE teleskoby arkaly SNR 0509-67.5-iň galyndylaryna edilen synlar kalsiýiň aýratyn gatlaklaryny, ýagny goşa detonasiýanyň «barmak yzlaryny» ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

«Gazanylan netijeler ak girdenekleriň meşhur Çandrasekar massa çägine ýetmänkä hem partlap bilýändigini we „goşa detonasiýa“ mehanizminiň tebigatda hakykatdanam bolup geçýändigini aýdyň görkezýär» — diýip, Geýdelbergiň teoretiki gözlegler institutynyň doktory Iwo Zaýtenzal belläp geçdi.

Bu barada geçirilen ylmy-gözlegleriň netijeleri «Nature Astronomy» žurnalynda çap edildi.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....