Alymlar Ýerde Merkuriniň ilkinji bölekleriniň tapylandygyny habar berdiler

  • 10.07.2025 11:41
  • 3.4k+

Afrikada tapylan iki meteorit Merkuriý planetasynyň ylma mälim bolan ilkinji bölekleri bolup çykdy. Bu barada Icarus ylmy žurnaly habar berýär. Eger ylmy çaklama tassyklansa, bu Ýerde Güne iň golaý planetanyň meteoritleriniň tapylmagyna degişli ilkinji ýagdaý bolar.

Gürrüň Northwest Africa 15915 we Ksar Ghilane 022 meteoritleri barada barýar. Olardan agramy 25 kg bolan birinjisi Alžirde, umumy agramy 3 kg töweregi bolan ikinji dört bölek Tunisde tapyldy. Iki nusga hem 2023-nji ýylda tapyldy. Meteoritler we asteroidler Ýeriň dykyz atmosferasynda ýanyp, böleklere bölünýärler. Gaçan  pursatlary bellige alynmandyr, megerem bölekler ýüzlerçe ýa-da müňlerçe ýyllap Ýeriň üstünde ýatan bolsalar gerek.
Seljermäniň netijelerine görä, meteorit maddasynyň ýaşy takmynan 4,5 milliard ýyl. Olar seýrek görnüşe - akondritlere degişlidir, olar hondrlarynyň (deslapky  maddalaryň däneleri) ýoklugy bilen tapawutlanýar.
Olaryň Merkuriý gelip çykyşlydygyny himiki düzümi şaýatlyk edýär: iki meteorit hem, esasan, düzüminde demir gaty az bolan silikatlardan durýar. Şuňa meňzeş maglumatlar 2011-2015-nji ýyllarda Merkurini öwrenen MESSENGER zondundan alyndy.
Meteoritleriň maddasynyň Merkuriniň üstündäki maddadan takmynan 500 million ýyl uludygy bellendi. Belki, milliardlarça ýyl bäri Ýeriň ýüzünde ýatansoň ep-esli üýtgeşmelere sezewar bolandyr we bu "bölekler" bolsa has irki döwürde, planetanyň gabygy heniz "başlangyç" halyndaka bölünip gaçandyr.
Mälim bolşy ýaly, beýleki planetalaryň bölekleri iri asteroidleriň güýçli zarbasy bilen kosmosa zyňlansoň, Ýeriň ýüzüne düşýärler. Häzirki wagta çenli ylma diňe Aýyň 140 we Marsyň 270 töweregi meteoriti anyk mälim. Weneranyň heniz hiç hili bölegi tapylmady, belki-de bu diýseň dykyz atmosferasy sebäpli, daşlary kosmosa goýbermeýänligi sebäpli bolsa gerek. Merkuriniň meteoritleri henizem tapylmady, Günüň dartyş güýji olaryň Ýere ýetmeginiň öňüni alýan bolmagy mümkin.


şu gün 00:18
518

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.5k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....