Heopsyň piramidasynda hakyky gurluşykçylaryň atlary tapyldy, olar gul däl bolup çykdy

  • 06.07.2025 15:03
  • 12k+

Arheologlar Heopsyň piramidasynda ozal näbelli ýazgylary tapdylar, bu onuň gurluşykçylarynyň gelip çykyşyny anyklamaga kömek edýär diýip, Daily Mail ýazýar.

Müsüri öwreniji alym Zahi Hawassyň berýän maglumatlaryna görä, täze açyşlar gadymy grek awtorlarynyň piramidany 100 müň sany gullaryň gurandygy baradaky tassyklamany ýalana çykarýar. Rowaýatlarda gullaryň her üç aýdan çalşyp, 20 ýyllap işländigi aýdylýar.
Emma arheologlar toparynyň geçiren barlaglary piramidanyň 4500 ýyl ozal ýokary hünärli işçiler tarapyndan gurlandygyny görkezdi. Ýazgylar faraonyň jaýlanan otagynyň üstündäki barmasy kyn otaglardan tapyldy. Döwrebap tehnologiýa biziň eýýamymyzdan öňki XIII asyrda işçiler toparynyň galdyran, öň göze ilmedik belliklerini tapmaga we okamaga kömek etdi.

Piramidadan günortada arheologlar Gizanyň Beýik Piramidasynyň gurluşykçylarynyň mazarlaryny hem tapdylar. Olarda heýkeller, "ussat" we "piramida tarapynyň gözegçisi" ýaly atlar ýazylan ýazgylar bar. Mazarlarda gurallar – çakmakdaşdan ýasalan gurallar we çekiç daşlar hem bar.

"Biziň açyşymyz, Beýik Piramidany guranlaryň gul däldigini tassyklaýar. Ýogsam, olary piramidalaryň kölegesinde jaýlamazdylar. Gullaryň öz mazary bolmazdy" - diýip, alym belleýär.

Müsüri öwrenijiniň pikirine görä, bu gurluşykçylar jemgyýetiň aýratyn hukukdan peýdalanýan bölegine degişli bolupdyr. Olar arakesmesiz diýen ýaly, aýlyk alyp işläpdirler we on günden bir gün dynç alypdyrlar. Işçiler toparlara bölünipdirler, birleri daşlary kesipdir, beýlekileri olara gerekli şekili beripdirler, galanlary gumuň üstünden ýüzýän arabalary ulanyp, material daşamak bilen meşgullandylar. Piramida üçin taýýar daşlar panduslaryň kömegi bilen daşalypdyr.

"Işçiler diňe sarymsak, sogan we çörek iýip oňupdyrlar diýen ýörgünli rowaýat bar, ýöne biz bu ýerden müňlerçe haýwan süňküni tapdyk" - diýip, doktor Hawass gürrüň berdi.


düýn 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.1k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....