Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutanyna myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi

  • 20.05.2024 13:36
  • 15k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa hat iberdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hatynda R.Minnihanowa dostlukly Tatarystana gelip görmäge çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär.

"Ajaýyp Kazan şäherine baran pursadyndan türkmen wekiliýeti gyzgyn hem-de mähirli garşy alyndy. Biziň duşuşyklarymyzyň netijesi, özara gatnaşyklaryň birnäçe ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi bermäge hyzmat eder. Şeýle-de maňa «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» halkara ykdysady forumynyň çäreleriniň çäklerinde geçirilen her ýylky «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşyp, onda çykyş etmek miýesser etdi. Bu çärä köp sanly döwletleriň, dini we işewür toparlaryň wekiliýetleriniň gatnaşmagy Russiýa bilen yslam dünýäsini baglanyşdyrýan gural hökmünde Tatarystana bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär" diýlip, hatda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, «Russia Halal EXPO» halkara sergisinde Türkmenistanyň milli sergisi guraldy hem-de ol ýerde biziň ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, hususy kärhanalarynyň gazanan üstünlikleri görkezildi. Netijeli gepleşikleri geçirmek we Tatarystanyň öňdebaryjy oýlap tapyşlary bilen tanyşmak üçin türkmen wekiliýetine hemmetaraplaýyn ýardam berildi.

"Mümkinçilikden peýdalanyp, Size hem-de Tatarystanyň ähli halkyna meni we türkmen wekiliýetini mähirli kabul edendigiňiz, myhmansöýerligiňiz, saparyň dowamynda ähli çäreleri ýokary derejede gurandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Size berk jan saglyk, bagt, abadançylyk arzuw edýärin" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda belleýär.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......