Haýsysy köp? Samsung, Apple we Xiaomi-niň 10 ýylda näçe smartfon satandygy belli boldy

  • 19.05.2024 23:08
  • 10k+

Altindex agentliginiň analitikleri International Data Corporation-yň (IDC) maglumatlaryna salgylanyp 10 ýylyň dowamynda satylan smartfonlaryň sany boýunça smartfon bazarynda öňdebaryjy bellendi.

10 ýylyň dowamynda, ýagny 2014-nji ýyldan bäri öňdebaryjy ýeri Samsung tutdy. Kompaniýa bütin dünýäde 2,937 milliard smartfon satdy. Ondan soňky ýerde bolsa, Apple - 2,203 milliard iPhone.
Şeýle hem, Xiaomi - 1,147 milliard, Huawei - 1,057 milliard, Oppo - 911,9 million, Vivo - 526,6 million enjam bilen iň üstünlikli öndürijileriň sanyna girdiler. Şol bir wagtyň özünde, Samsung Apple-den we Xiaomi, Huawei, Vivo üçüsini bile alanyňdan hem has köp smartfon bazara çykardy.
Samsung smartfonlarynyň iň köp möçberini 2015-nji ýylda satdy – 320,9 million. Apple üçin iň üstünlikli ýyl 2021-nji ýyl boldy, kompaniýa 234,9 million enjam satdy.
Häzirki wagtda Samsung-yň dünýädäki paýy 10% azaldy, Apple-iň orny bolsa 2% ýokarlandy.


24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

20.06.2026 09:49
2.4k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......