Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda Tatarystanyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşdy

  • 17.05.2024 12:02
  • 4.5k+

16-njy maýda RF-niň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşdy.

M.Şaýmiýew Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “KazanForum” halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, Milli Liderimiziň öňe süren teklipleriniň, şol sanda Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak baradaky teklibiniň möhümdigine, onuň döwrüň talabydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň bu teklibiniň goldanylýandygyny hem-de onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birinde resminama hökmünde öňe sürülmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy. Russiýanyň geljekde-de ýurdumyzyň sebit we halkara derejede ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny goldamaga taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler halklarymyzyň asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň umumylygyna, diliniň meňzeşligine, dininiň birligine, birek-birege hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini bellediler. Türkmen-tatar gatnaşyklaryna mahsus ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň ýokary derejesi netijeli ikitaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda we Tatarystanda geçirilýän milli baýramlara, iri halkara çärelere bilelikde gatnaşylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halklarymyzyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda, hususan-da, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek ulgamynda netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, bar bolan ägirt uly kuwwaty açmak üçin ähli mümkinçilikleriň doly derejede ulanylmalydygyny aýtdylar. Medeni-ynsanperwer ulgamda ýola goýlan hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, köp sanly türkmen talyplarynyň Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary, bilim ojaklarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygy bellenildi.
Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow we RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Grigoriý Karasin bilen duşuşdy.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......