Ford satuwynyň ýokarlanmagyna garamazdan her elektrik ulagynda 100 müň dollar ýitirýär

  • 16.05.2024 14:25
  • 10k+

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde elektrik ulaglaryň satuwynyň 86% ýokarlanmagyna garamazdan, elektrik ulaglary bilen meşgullanýan Ford Model e bölümçesi Ford Motor kompaniýasyna uly ýitgiler getirmegini dowam edýär diýip, IXBT ýazýar.

Bloomberg-iň berýän bahalaryna görä, kompaniýa Mustang Mach-E, F-150 Lightning we E-Transit elektrik ulaglarynyň hersinde 100 müň dollar ýitirýär - bu modelleriň jemi 20223 ekzemplýary satyldy.
Umuman alanyňda, Ford 2024-nji ýylyň ilkinji üç aýynda 1,3 milliard dollar arassa girdeji aldy. Içinden ýandyrylýan hereketlendirijili Ford-laryň aýratynlykda hersi diýen ýaly, satuw babatda Model e setirinden has öňdedir.
Kompaniýanyň Ford Pro bölümçesiniň Super Duty pikaplarynyň güýçli satuwynyň üsti bilen, ýylyň birinji çärýeginde, Model e-den bolan ýitginiň öwezi dolduryldy. Pikaplaryň girdejisi 3 milliard dollar boldy. Şeýle hem, möçberi 900 million dollar bolan oňyn girdejini,  içerki ýangyç we gibrid hereketlendirijileriň modelleriniň bölekleýin satuw topary Ford Blue gazandy.
Model e ýitgilerine jogap hökmünde Ford elektrik ulaglarynyň önümçiligini haýallatdy we akkumulýatorlaryň sargytlaryny azaltdy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....