Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Awstraliýa tehnologiýa ägirtlerine gözegçiligi güýçlendirer

  • 12.05.2024 21:24
  • 4.3k+

Ýewropanyň we ABŞ-nyň yzýany Aziýa ýurtlary hem iri tehnologiýa kompaniýalarynyň işine gözegçiligi güýçlendirýärler. Faýnansal Taýms gazetiniň habar bermegine görä, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Awstraliýa Apple-iň we Google-yň öz bazarlarynda agdyklyk etmegini çäklendirmäge gönükdirilen täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlaýarlar ýa-da eýýäm güýje girizdiler.

Mysal üçin, Ýaponiýanyň hökümeti ykjam OS-y üýtgetmegi ýönekeýleşdirýän we programmalary üçünji tarap çeşmelerinden göçürip almaga mümkinçilik berýän kanuny tassyklady. Düzgüni bozan kompaniýalar ýurtdaky ýyllyk dolanyşygynyň 30%-ine çenli jerime tölemeli.
Günorta Koreýa “Telekommunikasiýalar hakyndaky kanuny” giňeldýär – ol Apple-iň we Google-yň programma tölegleri üçin tutum almagyny gadagan edýär. Şeýle hem Ýewropanyň DMA-syna meňzeş kanuny kabul etmek meýilleşdirilýär. Ol uly oýunçylaryň öz önümlerine artykmaçlyk bermeginiň öňüni alar we beýleki saýtlarda ýa-da arzan bahadan önüm hödürlemek isleýän hyzmatdaşlarynyň çäklendirilmegine mümkinçilik bermez.
Awstraliýa eýýäm sanly töleglere gözegçiligi güýçlendirdi. Indi kanun çykaryjylar kezzapçylyga garşy göreşiň çäginde sosial ulgamyň operatorlaryna, banklara we telekommunikasiýa kompaniýalaryna goşmaça borçnamalar ýüklärler. Geljekde sosial ulgamlaryň mahabat üçin jogapkärçiligi meselesine serediler.

Şeýlelikde, bu ýurtlaryň häkimiýetleri şu aşakdakylary isleýärler:

  • Ykjam OS bazaryndaky agalyk ediji ornuň hyýanatçylykly peýdalanmagynyň öňüni almak.
  • Ulanyjylara saýlaw azatlygyny bermek: programmalary islendik çeşmeden özbaşdak göçürip almak we ykjam operasiýa ulgamyny özbaşdak üýtgetmek.
  • Bäsleşligi gormak: uly platformalaryň täze oýunçylaryň işini bökdemeginiň öňüni almak.
  • Onlaýn platformalaryň aýdyňlygyny ýokarlandyrmak.
  • Apple-iň we Google-yň programma döredijilerden alýan tutumlaryny kemeltmek.

düýn 15:48
4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

23.06.2026 14:40
2.6k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

18.06.2026 09:55
891

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......