Ýaponiýada zenanlaryň ortaça ömür dowamlylygy 87,13 ýyla deň boldy

  • 29.07.2025 18:24
  • 7.1k+

Ýaponiýa zenanlaryň arasynda ömür dowamlylygy boýunça eýýäm 40-njy gezek dünýä rekordyny täzeledi diýip, ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan NHK habar berdi.

Resmi san maglumatyna görä, 2024-nji ýylda ýurtda zenanlaryň ortaça ömri 87,13 ýaş, erkekleriňki bolsa 81,09 ýaş boldy.
Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, bu görkezijiler üýtgemedi diýen ýaly: zenanlar üçin ösüş 0,01% boldy, erkekler üçin bolsa 2023-nji ýylyň derejesinde galdy. Bu san maglumaty boýunça ýaponiýaly erkekler, hususan-da, Şwesiýadan, Şweýsariýadan we Norwegiýadan yzda galyp, altynjy orny eýeleýär.
Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän maglumatyna görä, ýurtda ýylyň dowamynda ýürek-damar kesellerinden ýogalanlaryň sany azaldy, ýöne tebigy sebäplerden ýogalanlaryň sany köp boldy. Şeýle hem ministrlikde COVID-19 ýokanjynyň täsirinden ömrüň dowamlylygynyň ösüşiniň haýallandygyny bellediler. 2023-nji ýylda bu görkeziji deňleşip başlady.


12.06.2026 10:04
6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:18
7.7k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......