Kazyýet ulanyjylaryň maglumatlaryny birugsat ýygnandygy üçin Google-y 314 million dollar tölemäge borçly etdi

  • 04.07.2025 18:11
  • 4.8k+

Kaliforniýanyň kazyýet oturdaşlary Android enjamyndan ulanyjy maglumatlarynyň bikanun ýygnalmagy bilen bagly iş üçin Google kompaniýasyny 314 million dollar tölemäge borçly etdi diýip, Bloomberg habar berýär.

Talap arzasyna görä, Alphabet Inc. bölümi smartfonlary müşderileriň hasabyna ykjam interneti ulanmak bilen, hatda Wi-Fi-a hem birikmezden kompaniýanyň serwerlerine maglumat iberer ýaly edip düzüpdir. Maglumatlaryň maksatly mahabat we kartalaşdyryş hyzmatlaryny gowulandyrmak ýaly, täjirçilik maksatly ulanylandygy aýdylýar.
Talap arzasy 2019-njy ýylda Kaliforniýanyň ýaşaýjylarynyň adyndan Santa-Klara etrap ýokary kazyýetine berlipdir. Bu iş Google-yň gizlinlik amallary bilen baglanyşykly birnäçe kazyýet işiniň bir bölegidir. Ýurt boýunça Android ulanyjylara degişli aýratyn federal kazyýet işi 2026-njy ýylyň başynda kazyýetde serediler.
Google-yň wekili kompaniýanyň kazyýetiň karary bilen ylalaşmaýandygyny we şikaýat etmek isleýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Android ulanyjylary enjamlaryny sazlanlarynda we hyzmatyň şertlerini kabul edenlerinde maglumatlaryň paýlaşylmagy bilen razylaşýandygyny aýtdy.


düýn 09:46
1.3k+

Google Newadadaky maglumat merkezlerini 15 ýyllap geotermal energiýa bilen üpjün eder

Google kompaniýasy Newada ştatyndaky maglumat merkezleriniň (data-center) işini üpjün etmek üçin kuwwaty 150 MWt çenli bolan geotermal energiýany satyn almak barada 15 ýyllyk şertnama gol çekdi. Ylalaşyk Berkshire Hathaway-iň düzümine girýän NV Energy jemgyýetçilik hyzmaty we geotermal energetika pudagynda işleýän Ormat kompaniýasy bilen baglaşyldy...

12.02.2026 17:27
1k+

ABŞ Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny çip paçlaryndan boşatmak isleýär

ABŞ-nyň Söwda ministrligi ýurduň tehnologiýa ägirtleri bolan Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny ýarymgeçirijileriň importyna giriziljek täze gümrük paçlaryndan boşatmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç dünýäniň iň uly çip öndürijisi bolan Taýwanyň TSMC kompaniýasynyň ABŞ-daky maýa goýum taslamalary bilen göni baglanyşyklydyr...

07.02.2026 12:51
1.3k+

Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi

Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar...

28.01.2026 09:57
1.6k+

Google gepleşikleri gizlin ýazgy etmek boýunça kazyýet dawasy üçin 68 million dollar töler

Google kompaniýasy "Google Assistant" ses kömekçisiniň gizlinlik düzgünlerini bozandygy barada ABŞ-da gozgalan kollektiwleýin talap arzasyny çözmek üçin 68 million dollar tölemäge razy boldy. Bu barada The Hill neşiri habar berýär...