Ýaponiýada dolandyryjy koalisiýa LDP-niň 70 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek parlamentde köplügi ýitirdi

  • 21.07.2025 19:06
  • 6.1k+

20-nji iýulda geçen saýlawlaryň jemi boýunça Ýaponiýada dolandyryjy koalisiýa parlamentiň ýokarky palatasynda zerur orun sanyny alyp bilmedi. Bu barada NHK habar berýär.

Liberal-demokratik partiýany we “Komeýto” partiýasyny öz içine alýan koalisiýa gaýtadan saýlanan 124 mandatdan (palatada jemi 248 orun) azyndan 50-isini almagyna garaşypdy. Ýöne ol 47 orun aldy.
NHK koalisiýanyň Liberal-demokratik partiýanyň 70 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek parlamentiň hiç bir palatasyny dolandyryp bilmeýändigini belleýär.
Bu saýlawlarda parlament köplügini saklamak premýer-ministr Sigeru Isibanyň esasy wezipesidi. NHK-nyň maglumatlaryna görä, ses berişlik gutarmanka, dolandyryjy partiýanyň içinde ony wezipeden çekilmäge çagyryp başladylar. Ýöne premýer-ministr wezipeden gitmekçi däldigini, çünki heniz möhüm wezipeleri ýerine ýetirmelidigini belledi.
The New York Times-yň we Kyodo-nyň bellemegine görä, täze partiýalar has gowy netije gazanyp bildi. Olar “Ýaponlar hemme zatdan ýokary” syýasatyny öňe sürüp, aýdyň konserwatiw şygarlar bilen ýaşlary özüne çekip bildi. Şeýle partiýalaryň arasynda Demokratik partiýa we Soheý Kamiýanyň ýolbaşçylygyndaky “Sanseýto” sagçy-populizm partiýasy bar.


12.06.2026 10:04
6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....