Türkmenistan demir ýol ulaglary pudagynda Germaniýanyň kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder

  • 11.05.2024 11:20
  • 22k+

10-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

M.Çakyýew dünýäniň ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak, logistika, demir ýollary döwrebaplaşdyrmak ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine üns çekildi we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna Germaniýanyň degişli kompaniýasy bilen demir ýollar pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

16.05.2026 09:58
8.4k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......