Iň uly iPhone öndürijisi Foxconn rekord goýdy: satuw tas 16 mlrd dollara ýetdi

  • 10.05.2024 14:58
  • 6.5k+

Iň uly elektronika, şol sanda iPhone öndürijisi Foxconn-yň aprel satuwy rekord derejä çykyp, 15,83 mlrd ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu ýyllyk hasabynda 19% ösüşi aňladýar diýip, ixbt.com habar berýär.

Bu ösüş kompaniýany ikinji çärýekde girdejiniň ýokarlanmagy, şeýle-de çärýek hem ýyllyk hasabynda ösüşiň bolmagy barada çaklamaga iterýär.
Smartfonlary öz içine alýan intellektual hojalyk elektronikasynyň segmenti geçen ýyl bilen deňeşdirilende uly ösüş görkezdi. Emeli aň tehnologiýaly bulut we tor önümleriniň segmentindäki durnukly isleg bolsa kompaniýanyň umumy üstünligine goşant goşdy.
14-nji maýda Foxconn 2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijelerini hödürlär. Öň, taýwan öndürijisi ilkinji üç aýyň jemi boýunça girdejiniň ýyllyk hasabynda 9,6%, 40,9 mlrd dollara çenli azalandygyny habar berdi. Ýylyň başyndan bäri Taýwanda Foxconn-yň paýnamalary tas 15% gymmatlady.


19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

19.05.2026 09:37
4.6k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.5k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.9k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....