Sosial ulgamlara näçe az girdigiňçe, özüňe bolan ynamyň ýokarlanýar - barlag

  • 10.05.2024 11:04
  • 4.1k+

Kanadaly alymlar bary-ýogy bir hepdäniň dowamynda sosial ulgamlary ulanmagy (Facebook, Instagram, Twitter, TikTok...) çäklendirmegiň aýal-gyzlaryň, aýratynam, horlugy gözelligiň nusgasy hökmünde görýänleriň özüne bolan ynamynyň ýokarlanmagyna getirip biljekdigini anykladylar. Bu barada Medical Xpress neşirindäki makala salgylanyp, MIR24 habar berýär.

Ýork uniwersitetiniň 66 gyz talyby bilen geçirilen ylmy barlaga gatnaşyjylaryň ýarysy ýedi günüň dowamynda sosial ulgamlara girmedi, galan ýarysy bolsa olary hemişekisi ýaly ulanmagyny dowam etdirdi.
Tejribeden öň we soň geçirilen pikir soraşmalaryň netijesine görä, sosial ulgamlarda “arakesme alan” gyzlar öz daşky keşplerine we özlerini başgalaryň gözi bilen görüşlerine has gowy baha berip başladylar.
Mundan başga-da, sosial ulgamlardan ýüz öwren gatnaşyjylar sagdyn durmuş ýörelgesini endik edindiler: dostlary bilen ýygy-ýygydan duşuşdylar, gezelenç etdiler we sport bilen meşgullandylar.
Gözlegçiler bu üýtgeşmeleri sosial ulgamlarda aýal-gyzlaryň özlerine berýän bahasyna ýaramaz täsir edip biljek “ideal” keşp baradaky maglumatlaryň täsirine sezewar bolýandyklary bilen düşündirýärler. Sosial ulgamlardan wagtlaýyn ýüz öwürmek bolsa, olara bu maglumat akymyndan daşlaşmaga we özlerine hem hakyky üstünliklerine ünsi jemlemäge mümkinçilik berýär.
Gözlegiň awtorlarynyň biri, psihologiýa professory Jennifer Millsiň belleýşi ýaly, öň aýal-gyzlar moda we gözellik baradaky maglumatlary aýda bir gezek çykýan žurnaldan alýardylar. Häzir bolsa sosial ulgamlarda baglylygy döredip, özüňe bolan ynamy gaçyrýan şeýle mazmun gije-gündiziň dowamynda elýeterlidir.


düýn 12:00
3.7k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......