Aýyň teýinde başga planetanyň galyndylary ýüze çykaryldy

  • 09.05.2024 10:50
  • 11k+

Aýyň teýindäki metal magdan ýataklarynyň gaýtadan öwrenilmegi alymlara Aýyň Ýer bilen başga bir planetanyň çaknyşygy netijesinde emele gelendigi baradaky teoriýa täze subutnamalar berdi. 4,5 milliard ýyl ozal Teýa planetasynyň Ýer bilen çaknyşandygy we gyzgyn lawa bölekleriniň kosmosa ýaýrandygy çak edilýär.

Teýanyň käbir bölekleri Ýeriň jümmüşine gömüldi. Ýöne galan tohumlaryň nirä gidenligi uzak wagtlap näbelli bolup galdy.
NASA-nyň GRAIL (Gravity Recovery and Interior Laboratory) enjamyny ulanyp alnan täze maglumatlar bu soraga jogap tapmaga mümkinçilik berdi. Olar Aýyň teýindäki agyrlyk güýjüniň anomaliýasyna sebäp bolýan dykyz, agyr maddalaryň bardygyny görkezdiler.
Enjam, titanyň we ilmenitiň ýataklary hökmünde kesgitlenen Aýyň ýer gabygy bilen ýadrosynyň arasynda iki sany dykyz meýdany ýüze çykardy. Hytaýyň Pekin uniwersitetiniň alymlary kompýuter modellerini geçirdiler we bu gaýalaryň başga bir kosmiki jisiminiň, ähtimal Teýa planetasynyň bölekleri bolup biljekdigini anykladylar.
Şeýle hem, Ýerde pes gozganma tizligi (LLVPs) bolan Iri prowinsiýalar hökmünde tanalýan, dykyz materially sebitler bar. Olaryň biri Afrika tektoniki plastinkasynyň aşagynda, beýlekisi Ýuwaş ummanynyň aşagynda ýerleşýär. Olardaky material pýeriň mantiýasyndan 2,5-3 esse dykyz.
Alymlar, LLVP - bu çaknyşyk netijesinde Ýere düşen Teýanyň gaýalarynyň bölekleridir diýen teoriýany öňe sürdüler. “Daily Mail”-iň habaryna görä, Aýda hem şuňa meňzeş ýerler ýüze çykaryldy.


düýn 17:37
1.4k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.2k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......