Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

  • 09.05.2024 07:23
  • 10k+

(Ahal welaýatynyň Bäherden etraby, 2024-nji ýylyň 8-nji maýy)
Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Garaşsyz Watanymyzda medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary ulanmaga bermek, täze önümçilikleri işe girizmek indi asylly däbe öwrüldi.
Şu gün biz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desgany hem dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris. Şeýle-de welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýyny sowgat hökmünde gowşurarys.

Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Men siziň ähliňizi bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň biri bolup durýar. Senagatçylaryň yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda hereket edýän Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynda täze innowasion tehnologiýalar esasynda, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli sement önümleri öndürilýär. Öndürilýän sement önümleri içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islege eýe bolýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda köpugurly gurluşyk önümçilik ulgamy döredildi. Döwrebap kärhanalarda önümleriň görnüşlerini hem-de möçberini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Ýerli çig mal serişdelerini peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary gurulýar. Ine, şu gün dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýän döwrebap kärhana hem şeýle desgalaryň biridir.
Täze kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Ol dünýäniň ösen döwletleriniň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Bu bolsa önümçiligi ýokary derejede alyp barmaga, ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berer. Kärhana edara binasyndan we 48 sany desgadan ybarat bolup, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilen.

Hormatly adamlar!
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagatçylarynyň geljekde hem ýurdumyzy ösdürmekde, alnyp barylýan gurluşyklary, ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün etmekde tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerini ýokary hilli arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ine, şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desga işe girizilýär. Bu desga bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga niýetlenendir. Onda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň ösen tehnologiýalary ornaşdyryldy. Biz welaýatlarymyzda täze agyz suw desgalaryny we üpjünçilik ulgamlaryny gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işleri geljekde-de netijeli dowam etdireris.

Hormatly adamlar!
Şu ýyl biz Bäherden etrabynda täze keramiki-bezeg önümlerini öndürýän kärhanany, şeýle hem Tejen şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany işe girizmegi göz öňünde tutýarys. Şeýle-de Ahal welaýatynyň çäginde birnäçe durmuş-medeni maksatly desgalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, täze, döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdireris.

Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desganyň dabaraly açylmagy, şeýle hem welaýatyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi mynasybetli siziň ähliňizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


düýn 12:28
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-nde Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

15-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, aýratyn-da, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler...

düýn 12:24
1.1k+

Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy...

düýn 11:58
4.2k+

Türkmenistan Owganystan boýunça Tähranda geçirilen maslahatlara gatnaşdy

Türkmenistan 14-nji dekabrda Tähranda Owganystan boýunça geçirilen ýokary derejeli sebit duşuşygyna gatnaşdy. Maslahatyň esasy maksady — ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin sebitara çemeleşmeleri utgaşdyrmakdan ybarat boldy...

16.12.2025 16:59
2.9k+

Türkmenistan San-Tome we Prinsipi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistan resmi taýdan San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Teswirnamana gol çekmek dabarasy 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi...