2026-njy ýylyň sentýabryna çenli Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýene 10 sany 9 gatly jaýlar gurlar

  • 08.05.2024 12:46
  • 11k+

Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze 10 sany 9 gatly jaýlar gurlar. Degişli Karara Türkmensitanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 4 sany 9 gatly, her biri 36 öýli, 4 sany 9 gatly, her biri 54 öýli, 2 sany 9 gatly, her biri 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň maý aýynda başlamak hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......