Türkmen kinematografçylary tarapyndan döredilen alty sany gysga metražly film 48 Hour Film Race (“48 sagatda surata düşürmek”) bäsleşiginiň finalyna çykdy.
Şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynda geçirilýän bäsleşikde 282 film hödürlendi: 151 film Gazagystanyň kino söýüjilerinden, 62 – Gyrgyzystandan, 35 – Özbegistandan, 20 – Täjigistandan we 14 – Türkmenistandan.
Olardan emin agzalary 48 sany iň gowusyny saýlap aldylar, şolaryň 6-sy türkmen kinematografçylary tarapyndan döredildi: “Owal Ram” (Привыкание), “Arzuw” (Мечта), “Derman” (Лекарство), “Diwar” (Стена), “Wagt” (Время) we “Ulysse” (Улисс).
Bäsleşigiň ýumşunyň aňsat bolmandygyny bellemek gerek: toparlar 48 sagatda film döredip, oňa bellenilen elementleri – “Biz bärde” jümlesini, gahryman – gök köýnekli gyzy we predmet “Jaýy” goşmalydylar.
Finala çykan filmleriň görkezilişi 17-18-nji maýda Gazagystanyň Şymkent şäherinde Go Viral festiwalynyň çäklerinde geçiriler. Emin agzalary ýeňijileri 31-nji maýdan gijä galman yglan ederler.
Bäsleşigiň baş baýragynyň eýesi Nýu-Ýorkyň kino akademiýasynda (NYFA) intensiw workşop üçin Nýu-Ýorka gider. Şeýle-de, ýörite baýraklar gowşurylar: Almaty Cinema School-da okamak üçin grant, iPhone 15 (International Organization for Migration-dan), NYFA-da onlaýn okamak üçin grantlar we MEGOGO onlaýn-kinoteatryna ýazylyş.
48HFR Central Asia sebitde kino pudagyny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamadyr. Ol Merkezi Aziýanyň höwesjeň we tejribeli kinematografçylary üçin her ýyl “48 sagatda surata düşürmek” bäsleşiginiň üsti bilen durmuşa geçirilýär. Şu ýyl bäsleşik eýýäm dokuzynjy gezek geçirilýär.